Sürüji irkilse, awtoulag öz-özi durar. Volkswagen täze tehnologiýalary ornaşdyrýar

  • 21.09.2024 23:45
  • 10k+

Volkswagen sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ünsi jemläp, sürüjilere kömek ulgamyny ösdürmegi dowam etdirýär. Kompaniýa ýolda goragy gowulandyrjak birnäçe ösüşi kämilleşdirýär diýip, Auto Express habar berýär.

Gyzykly täzelikler:

Proactive Occupant Protection: heläkçilik ýüze çykan ýagdaýynda howpsuzlyk kemerleri awtomatiki usulda çekilýär we howpsuzlyk ýassyklarynyň amatly bolmagy üçin penjireler birneme açylýar. Hakyky şertlerde ulgam duýduryşlary awtomatiki işjeňleşdirýär we gyssagly kömek hyzmatyna jaň edýär.
Emergency Assist: sürüji huşuny ýitirse ýa-da destiň başynda irkilse ulgam kömek edýär. Eger 20 sekundyň içinde sürüjiden hiç hili yşarat almasa, ulgam duýduryş berip başlaýar we jogap bolmasa, awtoulag tormozy basmak we howpsuzlyk kemerini dartmak arkaly yşarat berýär. Sürüji muňa-da reaksiýa bildirmese, awtoulag ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylarynyň ünsüni çekmek üçin heläkçilik  çyralaryny we duýduryşyny ýakyp, ýoluň gyrasyna, howpsuz ýere çykýar.
Proactive Pedestrian Protection: “ýumşak kapot” bilen pyýadalary goraýyş ulgamy. Mehanizmi ýönekeý: awtonom işleýän gyssagly tormoz (AEB) ulgamyna birikdirilen datçikler potensial pyýadany tapanda kapot puržiniň kömegi bilen ýokary galýar. Şeýle çemeleşme abatlamagy aňsatlaşdyrýar we çykdajylary azaldýar.
Intersection Assist: öň bamperdäki radar datçikleri göz açyp-ýumasy salymda - 400 millisekuntda tormozlary işjeňleşdirip, çatryklarda çaknyşmagyň öňüni alýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......