BMW täze elektromobillerinde köne maşynlaryň akkumulýatorlaryny ulanyp başlar

  • 21.09.2024 22:31
  • 9.2k+

BMW-niň Demirgazyk Amerikadaky bölümi Redwood Materials bilen elektrik ulaglarynda we gibridlerde ulanylýan litiý-ion batareýalaryny gaýtadan işlemek boýunça strategik hyzmatdaşlyk gazandy diýip, 32cars.ru habar berýär.

Beýanata görä, nikel, kobalt, litiý we mis ýaly gymmatly metallaryň 95%-den gowragy köne akkumulýatorlardan çykarylyp alnyp, önümçilik zynjyryna gaýtarylar. Bu ädim diňe bir täze batareýalary öndürmekde çykdajylary azaltmak bilen çäklenmän, eýsem, tebigy baýlyklary hem tygşytlamaga kömek eder.
BMW North America bilen Redwood Materials-yň bilelikdäki tagallalary ýapyk görnüşli batareýa üpjünçilik zynjyryny döretmekde hyzmatdaşlyk etmeklige gönükdirilendir. Bu karar BMW-ni awtoulag pudagynda öňdebaryjy edip, kompaniýanyň durnukly ösüşe we daşky gurşawy goramaklyga ygrarlylygyny goldaýar.
Bu işde BMW-iň Günorta Karolinadaky zawodlary möhüm rol oýnar. Olar diňe bir batareýalary öndürmek bilen çäklenmän, elektrik ulaglarynyň täze modellerini çykarmak bilen hem meşgullanarlar, bu ABŞ-yň bazarynyň kompaniýa üçin ähmiýetlidigini tassyklaýar. Günorta Karolina eýýäm elektrik ulagy pudagynda awtoulag maýa goýumlarynyň merkezine öwrülýär.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......