Bişkekde emeli aň boýunça türki döwletleriň sammiti geçiriler

  • 21.09.2024 22:00
  • 2.7k+

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 9-10-njy oktýabrda türki döwletleriň emeli aňa (EA) bagyşlanan sammiti geçiriler diýip, Gyrgyzystanyň Sanly ösüş ministrligine salgylanyp, 24.kg habar berýär.

Çäre Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletlerden, Merkezi Aziýadan we dünýäniň beýleki sebitlerinden döwlet edaralarynyň wekillerini, bilermenleri, işewürleri, alymlary we IT hünärmenlerini birleşdirer. Sammite Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, şeýle-de synçy hökmünde Wengriýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşar.
Sammitiň emeli aňyň ösüşi bilen baglanyşykly häzirki meseleleri maslahatlaşmak, onuň döwlet dolandyryşynda, işewürlikde we sosial gurşawlarda netijeli durmuşa geçirilmegi üçin tejribeler bilen alyşmak we strategiýalary işläp taýýarlamak üçin platforma bolup hyzmat etjekdigi bellenilýär.
Sammitiň esasy maksatlary türki dünýäsinde emeli aňy ösdürmek strategiýalaryny işläp taýýarlamak, innowasiýalara we tehnologiki ösüşe ýardam etmek, türki dillerini gorap saklamak we ösdürmek üçin EA ulanmak, EA pudagynda ykdysady we ylmy hyzmatdaşlygy berkitmek, EA taslamalaryna we startaplaryna maýa goýumlary çekmek, şeýle-de emeli aňdan peýdalanmagyň ahlak we hukuk taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak bolar.
Sammitiň çäklerinde öz hünär derejelerini ýokarlandyryp, iň täze tehnologiýalar bilen tanşyp biljek IT işläp düzüjileri üçin ussatlyk sapaklary we workşoplar gurnalar.


şu gün 19:20
1.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......