Türkmenistanda oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi yglan edildi

  • 21.09.2024 00:09
  • 10k+

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, geljek aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlener.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, maslahatlary we wagyz-nesihat çärelerini geçirmek  göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy, Russiýa Federasiýasynyň we Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we beýleki çäreler guralar.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......