Nike-yň ýolbaşçysy wezipeden gidýär: bu paýnamalaryň gymmatlamagyna getirdi

  • 20.09.2024 22:44
  • 4.8k+

Nike kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Jon Donahýu 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan wezipeden gider. Bu barada kompaniýanyň müdirler geňeşiniň beýanynda habar berilýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesinde onuň ornuny Nike-yň öňki top-menejeri Elliot Hill eýelär. Ol kompaniýa 1988-nji ýylda tejribeçi hökmünde gelip, 2020-nji ýylda ony sarp ediş bazarlary boýunça prezident wezipesinde terk edipdi.
Donahýu ýerine ýetiriji müdir wezipesini 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri eýeleýär. Onuň üstünliklerine garamazdan, “The New York Times” gazeti kompaniýada onuň täzelikçi we marketolog hökmünde kabul edilmändigini belleýär.
Ýolbaşçylygyň çalşylmagy baradaky habar kompaniýanyň paýnamalarynyň, takmynan, 10% ýokarlanyp, bir paý üçin 89,26 dollara ýetmegine getirdi. Şeýle-de bolsa, bu 2021-nji ýylyň noýabr aýynda hasaba alnan 177 dollar görkezijisinden ep-esli pesdir.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Nike çak edilen satuwyň azalandygyny habar berip, geljek üç ýylda çykdajylary 2 mlrd dollar azaltmak meýilnamasyny yglan etdi. Bu çözgüt, esasanam, Hytaýda we Ýewropada sarp edijileriň isleginiň peselmegi bilen baglanyşykly boldy.


02.02.2026 10:53
2.7k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

25.12.2025 11:05
3k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

23.03.2025 18:47
3.5k+

Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti...