Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

  • 15.04.2026 14:39
  • 2.4k+

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar berdi.

Häzirki wagtda 2027/28-nji ýyllaryň möwsüminden güýje girip biljek dörtýyllyk ylalaşyk maslahatlaşylýar. «Reuters» agentliginiň maglumatyna görä, ylalaşygyň bahasy ýylda 40 million ýewrodan geçip biler.

2001-nji ýyldan bäri Çempionlar ligasynyň toplaryny Adidas üpjün edýär, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy ýaryşlaryna bolsa 2024-nji ýyldan bäri Decathlon hyzmat edýär. Ylalaşyk gazanylan ýagdaýynda, Nike ýeke-täk üpjünçi bolup biler.

UEFA-nyň has bähbitli teklipler ýüze çykan ýagdaýynda hyzmatdaşlaryny çalşyrmak mümkinçiligine garaýandygy habar berilýär. Mundan ozal beýleki hemaýatkärleriň hem çalşyrylyp bilinjekdigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Häzirki wagtda Nike çykdajylary we iş orunlaryny azaldyp, öz biznesini optimizirlemek çärelerini geçirýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa Braziliýanyň we Germaniýanyň milli ýygyndylary bilen baglaşylan iri şertnamalaryny saklap galýar.


30.04.2026 20:03
5.7k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

20.04.2026 14:51
2k+

Kith we adidas 70-nji ýyllaryň nysagyndan ruhlanýan täze toplum hödürlediler

«Kith» we «adidas Originals» brendleri 1970-nji ýyllaryň moda dünýäsinden ylhamlanyp, bilelikde täze toplum çykardylar. Bu kolleksiýa öz içine «BW Army», «Samba» we «Japan» ýaly meşhur görnüşleriň......

08.03.2026 17:52
4.2k+

Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...