Kith we adidas 70-nji ýyllaryň nysagyndan ruhlanýan täze toplum hödürlediler

  • 20.04.2026 14:51
  • 2.1k+

«Kith» we «adidas Originals» brendleri 1970-nji ýyllaryň moda dünýäsinden ylhamlanyp, bilelikde täze toplum çykardylar. Bu kolleksiýa öz içine «BW Army», «Samba» we «Japan» ýaly meşhur görnüşleriň döwrebaplaşdyrylan görnüşlerini alýar. Onuň merkezinde dört dürli pastel reňkde hödürlenýän «BW Army» modeli durýar.

Ähli model ýokary hilli nubuk, deri we mahmal materiallaryndan taýýarlanyldy.

Dizaýnynda çeýe we rahat deri içlikler, dizaýna gelşirip, ters goýlan bölekler we dil, petek hem-de gonçda ýerleşen bilelikdäki brend nyşanlary bar.

Kolleksiýa özboluşly reňk toplumyny öz içine alýar. Olar «Ýabany çöl we karton» (Untamed Desert & Cardboard), «Çadyr ýaşyl howa ýaşyl» (Tent Green & Aero Green), «Orhideýa we syrly benewşe» (Marvel Orchid & Magic Lilac), «Awrora kofe öwüşgini we gara-goňur» (Coffee Aurora & Dark Brown) reňklerdir.

Gynansak-da, toplum çäkli mukdarda çykarylýar. Nesibeliler aýakgaplary 20-nji aprelden, ýagny şu günden başlap, dükanlardan we «Kith»-iň resmi saýtyndan satyn alyp bilerler.


düýn 10:45
3.1k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

17.06.2026 11:16
952

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

17.06.2026 09:59
1.1k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......