Türkmen döwlet maliýe instituty maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça halkara olimpiada geçirýär

  • 20.09.2024 14:36
  • 10k+

Türkmen döwlet maliýe instituty «Maliýe hasabatlylygyň halkara standartlary» diýen ders boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada hünär/taýýarlyk ugruna we okuw ýylyna garamazdan ýokary okuw mekdepleriniň hersinden dörtden köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.
Olimpiada 1-nji noýabrda özbaşdak bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň resmi dili türkmen, iňlis we rus dilleridir. Gatnaşyjylar üçin 10 ýumuş taýýarlanyp, olary çözmäge 120 minut berler.
Olimpiadanyň eminleriniň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer. Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri boýunça kesgitleniler hem-de I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Tapawutlanan gatnaşyjylara Hormat hatlary gowşurylar.
Gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 15-nji oktýabra çenli institutyň saýtynda görkezilen nusga boýunça özleri baradaky maglumatlary doldurmalydyrlar hem-de görkezilen maglumatlary info@tdmai.edu.tm elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler.
Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça bildirişler institutyň saýtynda ýerleşdiriler.
Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 49 25 91;
+993 65 65 12 44;
+993 65 01 74 85.


şu gün 14:46
589

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

şu gün 08:05
2.2k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
4.9k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......