Türkmen wekiliýeti GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşdy

  • 20.09.2024 13:50
  • 3.9k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde 17-19-njy sentýabry aralygynda geçirilen GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň 200-e golaýyny bir ýere jemlän giň gerimli çäre şu ýyl «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň köpdürliligi» diýen tema bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda duşuşyga gatnaşyjylar häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de görnüşlerini kesgitldiler.
Umumy mejlislerde we ugurdaş bölümçelerde ylym, bilim, medeniýet we sungat wekilleri hünär taýdan özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşlerine, jemgyýeti ösdürmegiň serişdesi hökmünde meýletinçilige, medeniýetara dialogyny kemala getirmekde ýakynlaşmak ýagdaýlaryna garaldy.
Çäräniň çäklerinde GDA-nyň ugurdaş ynsanperwer birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, kinematografiýaçylaryň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarynyň, ählumumy taslamalary guramak boýunça hünärmenleriň tegelek stollary geçirildi.
GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň başlangyjy boýunça guralandygyny bellemek gerek. 2006-njy ýyldan bäri forumlar GDA-nyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda gezekli-gezegine geçirilýär we Arkalaşygyň giňişliginde her ýyl geçirilýän iri ynsanperwer çäreler bolup durýar. Ufa şäherinde forum ilkinji gezek geçirildi. 


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......