Londondaky meşhur Oksford-strit köçesi doly derejede pyýada zolagyna öwrüler

  • 20.09.2024 09:08
  • 5.6k+

Londonyň iň belli köçeleriniň biri bolan Oksford-strit tiz wagtdan doly derejede pyýada köçesine öwrüler. Londonyň häkimi Sadik Hanyň taslamasy bu köçäniň 1,1 kilometrini ulaglardan azat edip, pyýada zolagyna öwürmegi göz öňünde tutýar diýip, BBC habar berýär.

Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin 150 mln funt sterling bölünip berildi, indi bu çözgüdi şäher geňeşiniň tassyklamagyna garaşylýar, çünki şäheriň merkezinde pyýada zolaklaryny döretmek pikiri dolandyryjy Leýboristik partiýa tarapyndan işjeň goldanylýar.

“Oksford-strit uzak wagtlap Britaniýanyň bölek söwdasynyň dürdänesi boldy, ýöne soňky onýyllykda ol şöhlesini ýitirdi” – diýip, Sadik Han belledi. Ol taslamanyň şäheriň bu esasy söwda arteriýasyny gaýtadan janlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Köçäniň tas 900 ýyllyk taryhy bar, ol heniz XII asyrda peýda boldy. Köçe häzirki adyny 1729-njy ýylda aldy. Häzirki wagtda Oksford-stritde 300-e golaý dükan, şol sanda dünýä brendleriniň 90 dükany bar. Her gün bu ýere 500 müňe golaý adam gelýär.
2023-nji ýylda Oksford-strit Ýewropanyň iň gymmatly söwda köçeleriniň arasynda 18-nji orny eýeledi.
Öň, 2017-nji ýylda häkimiýetler köçäni pyýada etmegi teklip edipdiler, ýöne taslama ýerli ýaşaýjylaryň nägileligi sebäpli ýatyryldy, olar jemgyýetçilik ulag ýollarynyň üýtgemeginden nägile boldular.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......