Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy

  • 19.09.2024 22:52
  • 4.9k+

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz ulgamynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Türkmenistanda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara YÖB-niň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.
Ulag ulgamy hem gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy, bu ugurda Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geçirijiligini artdyrmak mümkinçiliginiň uludygy bellenildi.
Türkmenistan  öz tarapyndan ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda Yslam ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.
YÖB bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek barada hem aýdyldy.
Mundan başga-da, YÖB bilen Türkmenistanyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasynda täze, has netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýyklygy nygtaldy.
2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolanlygyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde YÖB ýurdumyzda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Olar, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly ugurlary öz içine alýar.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....