Aşgabatda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda gazanylanlara bagyşlanan halkara ylmy maslahat açyldy

  • 19.09.2024 16:14
  • 3.4k+

Şu gün Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady diýip, TDH habar berýär.

Foruma Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşýar.
Forumyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergä baryp gördüler.
Sergi türkmen oba hojalykçylarynyň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly ýokary hilli oba hojalyk önümleriň önümçiligi ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyrýar.
Sergide şeýle hem möhüm ähmiýetli oba hojalyk ekinleriň genofondy, türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaýyň tohumlarynyň görnüşleriniň nusgalary bilen tanşyp bolýar.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....