Kofeniň bahasy soňky 13 ýylda iň ýokary derejesine ýetdi

  • 19.09.2024 14:21
  • 2.9k+

Arabika kofesi üçin fýuçersler 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çenli gymmatlady. Munuň sebäbi Braziliýada dowam edýän gurakçylyk boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

16-njy sentýabrda geçirilen söwdada Nýu-Ýork biržasynda arabika üçin fýuçersler 4,5% - bir funt üçin 2,68 dollar ýa-da bir kg üçin 5,9 dollar gymmatlady. Arzan robusta kofe däneleriniň ýetmezçiliginiň arabika bolan islegi güýçlendirýändigi sebäpli, şu ýyl bahalar, takmynan, 40% ýokarlandy.
Öz gezeginde, 16-njy sentýabrda robusta üçin noýabr fýuçersleriniň bahasy ICE biržasynda 3,55% ýokarlanyp, bir tonna üçin 5,45 müň dollardan geçdi.
Kofe fýuçersleri bilen bagly howsalalar sebäpli JM Smucker Co. ýaly uly kofe öndürijileri eýýäm önümiň bahasyny ýokarlandyrdylar.
Belläp geçsek, Braziliýany kofe hasylyna düýpli zyýan ýetirýän soňky onýyllyklarda iň güýçli gurakçylyk gurşap aldy. Milli gözegçilik we tebigy betbagtçylyklary öňünden duýduryş merkeziniň maglumatlaryna görä, maý aýyndan awgust aýy aralygynda ýurduň käbir oba hojalygy sebitleri 1981-nji ýyldan bäri iň gurak howa duçar boldy.

şu gün 20:25
1.4k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......