Dünýäde iň garry aýala Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasy gowşuryldy

  • 18.09.2024 20:38
  • 29k+

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri dünýäde häzirki wagtda ýaşap ýören iň garry aýalyň ýanyna baryp, oňa ýörite şahadatnama gowşurdylar. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Dünýäde iň garry adam hasaplanylýan Tomiko Itooka 1908-nji ýylyň 23-nji maýynda Ýaponiýada dünýä indi. Häzirki günde ýaponiýaly aýal 116 ýyl 116 gün ýaşyny doldurdy.

“Biz Hego prefekturasyndaky Asiýa şäherinde ýerleşýän garrylar öýünde oňa Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi şahadatnamasyny gowşurdyk. Ol soňky bäş ýyl bäri bu ýerde ýaşaýar. Geçen aý, 117 ýaşly Mariýa Branýas Morera aradan çykandan soň, Tomiko häzir ýaşap ýören iň garry aýal we iň garry adam adyny aldy” – diýip, Ginnesiň kitabynyň saýtynda bellenilýär.

Tomiko Itooka imperator Meýdziniň dolandyran döwründe Osakada dünýä indi. Ol orta mekdepde woleýbol toparynyň agzasy boldy, 1979-njy ýylda adamsy aradan çykandan soň, gaýa dyrmaşmak we pyýada ýöriş bilen meşgullandy.
Belläp geçsek, ýaşan ömri resminamalar bilen tassyklanan dünýäde iň garry adam Fransiýadan Žanna Kalman bolmagynda galýar. Bu aýal 122 ýyl 164 gün ýaşap, 1997-nji ýylyň awgust aýynda aradan çykdy. Itooka bu görkeziji boýunça 23-nji orny eýeleýär, ýöne ýene iki hepdeden 21-nji orna çykyp biler.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....