Bişkekde Türki döwletleri guramasyna agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi

  • 18.09.2024 14:28
  • 3.9k+

16-njy sentýabrda Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) Türki döwletleri guramasyna (TDG) agza döwletleriň energetika ministrleriniň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Mejlise TDG-niň Baş sekretary, Türkmenistandan we Wengriýadan synçylar, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň energetika pudagynyň ministrleri we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Nahiçewan şertnamasynda, 2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň ösüşi Konsepsiýasynda we 2023-2027-nji ýyllar üçin Energetika hyzmatdaşlygy boýunça Hereketleriň meýilnamasynda görkezilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ýaly energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Gölliýew energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, şeýle hem bu ugurda energiýa serişdeleriniň durnukly we yzygiderli iberilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Taraplar "ýaşyl" energetikanyň ösdürilmegine we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmak barada Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.


şu gün 19:20
1.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......