Täze rekord: kosmosda bir wagtyň özünde 19 adam boldy

  • 17.09.2024 21:41
  • 13k+

11-nji sentýabrda Polaris Dawn missiýasynyň uçurylmagynyň ertesi güni Russiýanyň “Soýuz MS-26” kosmiki gämisi Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) täze ekipažy eltdi. Göräýmäge hiç bir üýtgeşikligi ýok waka Ýeriň orbitasyndaky adamlaryň sany boýunça täze rekord goýmaga mümkinçilik berdi diýip, NASA salgylanýan “Komersant” neşiri ýazýar.

Şondan soň 19 adam bir wagtyň özünde orbitada boldy. Öňki rekord 2023-nji ýylyň maý aýynda goýlupdy, şonda 17 adam bir wagtyň özünde orbitada bolupdy.
“Soýuz MS-26”-nyň ekipažynyň düzümine rus kosmonawtlary Alekseý Owçinin we Iwan Wagner, şeýle hem amerikaly kosmonawt Donald Pettit girdi. Olaryň HKS-a ekspedisiýasy 202 günläp dowam eder. Missiýa wagtynda olar birnäçe gezek açyk kosmosa çykar, şeýle hem kosmosda ýaşaýyş we iş şertlerini öwrenmäge gönükdirilen birnäçe ylmy synaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.
Aşakdaky astronawtlar bir wagtyň özünde kosmosda boldular:
Halkara kosmos stansiýasy

  • Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko (Russiýa)
  • Maýkl Barratt (ABŞ)
  • Nikolaý Çub (Russiýa)
  • Metýu Dominik (ABŞ)
  • Treýsi Kolduell Daýson (ABŞ)
  • Žanett Epps (ABŞ)
  • Aleksandr Grebenkin (Russiýa)
  • Alekseý Owçinin (Russiýa)
  • Iwan Wagner (Russiýa)
  • Donald Pettit (ABŞ)

Boeing Starliner kosmos gämisiniň hereketlendirijilerinde ýüze çykan näsazlyklar sebäpli Sunita Uilliams we Butç Uilmor (ABŞ) HKS-da eglenmeli boldy.

SpaceX Dragon 2 kosmos gämisinde Polaris Dawn ekspedisiýasy (Bular eýýäm Ýere gaýdyp geldi)

  • Sara Jillis (ABŞ)
  • Jared Aýzekman (ABŞ)
  • Anna Menon (ABŞ)
  • Skott Potit (ABŞ)

Hytaýyň Týangun kosmos stansiýasy

  • Li Kong (Hytaý)
  • Li Guansu (Hytaý)
  • Ýe Guanfu (Hytaý)

08.06.2026 18:02
4.7k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.4k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
4.9k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......