Ýaponiýaly ýigit 14 sagadyň içinde Tokio metrosynyň 285 stansiýasynyň ählisini geçip, rekord goýdy

  • 17.09.2024 21:22
  • 10k+

Ýaponiýaly Sona Noguti Tokio metrosynyň 285 stansiýasynyň ählisini geçip, dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, ol gezelenjini 13 sagat 53 minutda tamamlamagy başardy.

Noguti öz syýahatyna irden sagat 8:22-de “Nisi-Magome” stansiýasynda başlady we gezelenjini 22:18-de “Nisi-Takasimadaýra” stansiýasynda tamamlady. Ol rekordy tassyklamak üçin wagonyň gapysynyň agzynda durup, geçip barýarka her stansiýany surata düşürdi.

“Adatça, men otluda gezelenç wagty peýzaždan lezzet alýaryn, ýöne bu gezek däl” – diýip, ol belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu gün esli gijikdirmeler bolmady, bu hem oňa rekord goýmaga kömek etdi. Ýaş ýigit Tokionyň ulag ulgamynyň işiniň takyklygyna haýran galdy.

Noguti çagalykdan demir ýollar bilen gyzyklanýar. Ol ýedi prefekturany, şol sanda Tokiony öz içine alýan Kanto sebitiniň demirýol stansiýalarynyň ählisine baryp gördi. Gezelençden başga-da, ol otlulary surata düşürmek we olaryň modellerini ýygnamak bilen meşgullanýar.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
4.7k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....