Türkmenistanyň ilçisi Pekinde türkmen talyplary bilen duşuşdy

  • 17.09.2024 14:39
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Pekinde Hytaý nebit uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Çäre täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, Orient habar berýär.

Talyplar bilen duşuşygynda ilçi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň wajyplygy hem-de zehinli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýan çäreler barada gürrüň berdi.

Şeýle hem Parahat Durdyýew ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen duşuşyp, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat berdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....