Türkmenistan Pakistan bilen Gwadar portuna çykalga barada taryhy ylalaşygy maslahatlaşýar

  • 17.09.2024 13:49
  • 5.5k+

Türkmenistan we Pakistan Gwadar portuna çykalga mümkinçiligini açyp berýän möhüm ylalaşyga gol çekmäge taýýarlyk görýär. Bu ylalaşyk Türkmenistana Hytaý-Pakistan ykdysady geçelgesiniň çäklerinde ilkinji gezek Gwadar pakistan portuna çykmak mümkinçiligini berýär diýip, Orient agentligi Truth International neşirine salgylanyp ýazýar.

Bu taryhy ylalaşygy baglaşmak üçin Pakistanyň hökümeti Gwadar we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ylalaşyk taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite komiteti döretdi.
Bu hyzmatdaşlyk energiýa howpsuzlygyny we sebit baglanyşygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen TOPH gaz geçirijisi hem-de Günorta Aziýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirjek demir ýol infrastrukturasy we optik süýümli ulgamlary ýaly esasy başlangyçlary öz içine alýar.
Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Pakistanyň hökümeti Gwadar portunyň üsti bilen döwlet böleginiň importunyň 50% bölmek mümkinçiligine baha bermek üçin komiteti döretmek bilen ýene bir möhüm ädim ätdi. Bu çözgüt hökümetiň Gwadar portuny söwdanyň we ykdysady işiniň esasy bölegi hökmünde ulanmaga bolan isleglerini açyp görkezýär.
Deňiz işleriniň ministrligi ýükleriň we konteýnrleriň üstaşyr geçelgesi üçin iki portuň mümkinçiliklerini ulanmakda sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň Ylalaşygyň maksady bolup durýandygy barada Pakistanyň Ministrler Kabinetine habar berdi.
Gwadar portuna çykmak mümkinçiligi Türkmenistana birnäçe artykmaçlyklary berip biler.
Hususan-da,

  • Türkmenistan öz harytlaryny, şol sanda tebigy gazyny we oba hojalyk önümlerini Gwadaryň üsti bilen halkara bazarlaryna has netijeli eksport edip biler;
  • Ylalaşyk Merkezi Aziýa we dünýä bazarlarynyň arasynda ulag aragatnaşyklarynyň gowulandyrylmagyna mümkinçilik berip, bar bolan netijeliligi pes ugurlaryndan baglylygy azaldar.
  • deňiz söwda ýollaryna çykalga mümkinçiliginiň gowulanmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýardam edip we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine mümkinçilik berer;

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......