Syýahatçylar bilen Crew Dragon kosmos gämisi Meksika aýlagynda gondy

  • 16.09.2024 19:06
  • 8.7k+

SpaceX-iň köp gezeklik kosmos gämisi Crew Dragon dört sany syýahatçy bilen bäş günlük täjirçilik uçuşyny tamamlap, Floridanyň günorta-günbataryndaky Meksika aýlagynda suwa gondy. SpaceX missiýanyň gaýdyp gelşini göni ýaýlymda görkezdi.

Aşak düşürilýän kapsula atmosfera üstünlikli girip, ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen 03:36-da (Aşgabat wagty bilen 12:36) paraşýut ulgamynyň kömegi bilen suwa gondy.
Polaris Dawn täjirçilik gözleg missiýasy bolup, onuň çäklerinde ilkinji gezek hünärmen däl astronawtlaryň açyk kosmosa çykyşy boldy. Milliarder Jared Aýzekmanyň ýolbaşçylygyndaky ekipaž SpaceX-iň inženeri Sara Jillisi, ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň öňki podpolkownigi Skott Potiti we SpaceX-iň işgäri Anna Menony öz içine alýar. Jared Aýzekman bilen Sara Jillis açyk kosmosa çykan ilkinji hünärmen däl astronawtlar boldy.
Missiýa 1400 km belentlige ýetmek bilen rekord goýdy, bu 50 ýyldan gowrak wagt ozal “Apollon” Aý maksatnamasyndan bäri iň ýokary uçuşdyr. Ekipaž kosmos gurşawynyň we radiasiýanyň adam saglygyna ýetirýän täsiri bilen baglanyşykly 36 ylmy gözleg geçirdi.
Polaris Dawn Aýzekman tarapyndan maliýeleşdirilýän Polaris maksatnamasynyň meýilleşdirilen üç missiýasynyň ilkinjisidir.


düýn 19:36
2.9k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

17.06.2026 17:42
6.1k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......