2024-nji ýylyň iň gowy pizzeriýasy yglan edildi. Ol Italiýadan däl

  • 16.09.2024 13:21
  • 12k+

Italiýanyň 50 Top Pizza Awards 2024 reýtinginde Nýu-Ýorkda ýerleşýän Uza Pizza Napoletana pizzeriýasy birinji ýeri eýeledi.

Entoni Manjiýeri tarapyndan 2022-nji ýylda esaslandyrylan bu pizzeriýa öňdebaryjy italýan restoranlaryndan hem öňe geçdi.
Manjiýeri CNN Travel telekanalyna beren interwýusynda: "30 ýyllyk karýeramdan soň, aýratyn hem, pizzanyň ilkinji taýýarlanyp başlanan ýeri bolan Neapol şäherinde ykrar edilmegim, meniň üçin diýseň ylham berijidir" - diýdi.
Reýtingiň resmi web sahypasynda Una Pizza Napoletana-nyň üstünligi, restoranyň pizzany däp bolan usulda taýýarlamagy we iň ýokary hilli önümleri ulanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Bu ýerde esasy ünsi pizzanyň hamyryna berýärler.

Restorany esaslandyryjy Manjiýeri: "Hamyrymyz odun bilen işleýän peçde, dürli italýan unlarynyň garyndysyndan taýýarlanýar".
Reýtingiň adynda 50 belgisiniň bolmagyna garamazdan, sanawa dünýäniň iň gowy 100 pizzeriýasy girdi. Olaryň aglabasy (41 restoran) Italiýada ýerleşýär. ABŞ-dan gatnaşan restoranlar hem ýokary orunlary eýelediler. Olaryň içinde Nýu-Ýorkdan üç we beýleki şäherlerden 12 restoran gatnaşdy. Pizzanyň watany bolan Neapol şäheri, reýtingde birnäçe möhüm orunlary eýeledi. Şol sanda, Diego Vitagliano restorany ikinji orny eýeledi.
Şeýle hem ilkinji onluga Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Ispaniýanyň restoranlary girdi.


şu gün 13:25
2.1k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

03.02.2026 21:28
4.7k+

Rimde Trewi çüwdürimine teňňe oklamak tölegli boldy

Rimde Trewi çüwdüriminiň golaýyna barmak üçin töleg girizildi. Indi çüwdürimiň ýakynynda durmak we oňa şaýlyk pul taşlamak isleýän syýahatçylar 2 ýewro tölemeli bolarlar. Şäher häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bu çäre syýahatçylygyň şähere salýan agramyny azaltmaga we taryhy ýadygärligi saklamak üçin serişde toplamaga gönükdirilendir...

26.01.2026 13:11
2k+

Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy...