Syýahatçylar Italiýany dünýädäki iň datly tagamlaryň ýurdy diýip ykrar etdiler

  • 23.05.2026 22:00
  • 3.4k+

Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk hünärmenleri we jahankeşdeleri Italiýa dünýäniň iň gowy iýmit-tagam ugry diýip atlandyrdylar. Şeýle-de meşhur Travel+Leisure neşiriniň geçiren täze sowalnamasynyň netijesinde hem Italiýa iň köp ses gazanan ýurt boldy.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, italýan aşhanasynyň bütindünýä meşhurlygy diňe bir tagam däl, eýsem her sebitiň öz ýerli we ter önümlerini ulanmagy, tagam taýýarlaýyş usullarynyň ýönekeýligi we düşnükliligi, şol bir wagtda nesilden-nesle geçip gelýän medeni däp-dessurlar bilen baglydyr.

 – Italýan aşhanasy diýmek, bu tagamdan-da öňürti, maşgala agzalaryny we adamlary bir ýere ýygnap, biri-birine baglaýan uly bir durmuş dessury diýmekdir – diýip, «The Secret Explorer» taslamasynyň esaslandyryjysy Anita Kanzadso belleýär.

Hünärmenler italýanlaryň däp bolan tagamlarynyň düzümindäki önümleriň hakyky datlylygyny açmak üçin sagatlap, hatda günläp garaşyp, örän uly yhlas bilen taýýarlaýandyklaryny aýratyn nygtaýarlar.

Aşhana syýahaty üçin tapylgysyz saýylýan italýan şäherleri hem bar. Olaryň arasynda Bolonýa ýurduň iň esasy tagam paýtagty hasaplanylýar. Bu ýer meşhur lazansiýa, talýatelle ragu, tortellini we mortadella ýaly dünýä belli tagamlaryň watanydyr.

Neapol hem dünýäniň iň gowy pizzalarynyň we köçe tagamlarynyň mekanydyr. Bu ýere barýan syýahatçylara «pizza a portafoglio», ýagny ýöräp barýarkaň iýip bolýan, gapjyk ýaly eplenýän kiçijik täsin pizzany dadyp görmek maslahat berilýär.

Palermo we Sisiliýa adasy bolsa arap medeniýetiniň täsiri astynda dörän we asyrlarboýy goralyp saklanyp galan üýtgeşik köçe tagamlarynyň däpleri bilen syýahatçylary özüne bendi edýär.

Şonuň ýaly-da, Florensiýa hem özüniň ajaýyp we taryhy tagam medeniýeti bilen sanawa giren şäherdir.


10.06.2026 16:40
2.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......