Türkmenistan we Yrak ýokary derejede saparlaryň alşylmagy meselelerini maslahatlaşdy

  • 16.09.2024 11:08
  • 2.6k+

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Yrak Respublikasynyň daşary işler ministri Fuad Huseýn bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-yrak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
Iň ýokary we ýokary derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň alşylmagy, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň dowam etdirilmegi meselelerine hem aýratyn üns berildi.
Ministrler sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ysnyşykly ozara gatnaşyklary dowam etdirmegiň wajypdygy we zerurdygy dogrusynda bellediler.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......