Hytaýda awgustda bir milliondan gowrak elektromobil satyldy: bu rekord

  • 15.09.2024 18:03
  • 7.4k+

Günbatarda elektromobil satuwynyň gowşaýan wagty Hytaýda bu ýagdaý düýbünden başgaça. Awgust aýynda ýurt bir milliondan gowrak elektromobil satyp, beýleki ýurtlar üçin görlüp-eşidilmedik görkezijä ýetdi diýip, tarantas.news habar berýär.

Hytaýyň ýolagçy awtomobiller assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, Hytaýda elektromobil satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ähli görnüşli hereketlendirijili awtomobilleriň satuwy 1,1% azaldy.
Munuň tersine, ÝB-de we Beýik Britaniýada elektromobil satuwy 4% azaldy. Pese gaçyşyň sebäbi Germaniýada subsidiýalaryň ýatyrylmagy we ÝB-niň hytaý elektromobilleri üçin söwda çäklendirmeleri boldy.
Şeýle-de bolsa, elektromobillere bolan global isleg artmagyny dowam etdirýär diýip, Rho Motion gözleg kompaniýasy habar berýär. 2024-nji ýylyň başyndan bäri dünýäde 9,8 mln elektromobil satyldy, awgust aýynda ýyllyk ösüş 20% boldy.
Elektromobilleri we birikdirilýän gibridleri öz içine alýan täze birikdirilýän ulag serişdeleriniň (NEV) paýy Hytaýda ýolagçy awtomobilleriniň umumy satuwynyň rekord 53,5%-ine ýetdi.
Rho Motion-yň maglumatlar menejeri Çarlz Lesteriň pikiriçe, Hytaýda elektromobillere bolan isleg artmagyny dowam etdirer. “Aýda bir million satylan elektromobil belliginden geçmek – bu diňe bir başlangyjy” – diýip, ol belleýär. 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bu görkezijiden ýene birnäçe gezek geçiler diýlip garaşylýar, sebäbi satuwlar adatça ýylyň ikinji ýarymynda ýokarlanýar.


şu gün 09:36
392

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......