Nissan Qachqai 65 metr belentlikden zyňyldy: ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 15.09.2024 17:51
  • 19k+

Nissan awtoöndürijisiniň Ýewropa bölümçesi Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alnan täze rekord barada habar berdi. Berk tanapda asylan içi adamly Nissan Qachqai krossoweri 65 metr belentlikden aşak zyňyldy. Bu ýagdaý “iň beýik awtomobil banji-jampingi” diýlip atlandyryldy. Bu barada tarantas.news ýazýar.

Awtomobili zerur beýiklige galdyrmak üçin ilki gorizontal ýagdaýda bolup, awtomobil erkin gaçar ýaly böküşden öň aşak ýatyrylan düşelgeli ýörite metal kapasa taýýarlandy. Nissan Qachqai gurluşyk krany bilen galdyryldy, başlamak buýrugyny bolsa ruluň başynda oturan fransiýaly kaskadýor Loran Lasko berdi.
Hereketiň surata düşürilişi Parižde geçirildi we başdangeçirmeleriň muşdaklary üçin modeli iň batyrgaý çözgüt hökmünde görkezýän Nissan Qachqai mahabat kampaniýasynyň bir bölegi boldy. Öň, bu kampaniýanyň çäklerinde Qachqai skeýtbordda gezelenç edip, peýntbol oýnady.
Ýewropada Nissan Qachqai kuwwaty 140 ýa-da 158 at güýji (a.g.) bolan 1,3 litrlik turbohereketlendirijä esaslanýan ýumşak gibrid wersiýada hem-de 157 a.g. içinden ýandyrylýan hereketlendiriji we 190 a.g. elektromotor bilen gibrid wersiýada hödürlenýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......