Aşgabatda ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan ITTC 2024 Halkara maslahatyna bellige almaklyk başlandy

  • 15.09.2024 12:32
  • 3k+

Aşgabatda 26-27-nji noýabrda geçiriljek "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş 2024" (ITTC 2024) Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklary hasaba almaklyk başlandy diýip, Orient agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi forumyň guramaçysy bolup çykyş edýär.
Maslahat Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanýar. Foruma gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň ösüşini, multimodal çözgütleri we logistikada sanly özgertmeleri maslahatlaşarlar. Çäräniň dowamynda ulag we logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sergi geçiriler.
Forumda ulag ulgamlarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we ekologiýa yzlaryny azaltmaga aýratyn üns berler. ITTC 2024-niň maksatnamasynda ulag-logistika innowasiýalaryna, multimodallyga we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna bagyşlanan meseleler boýunça mejlisler geçiriler.
Foruma gatnaşjak wekilleriň arasynda Airbus, Boeing, Cargo Lux, Fly Dubai, Vitol, Dragon Oil ýaly belli kompaniýalaryň, IATA (Howa ulaglarynyň halkara birleşigi), ICS (Gämiçilik halkara palatasy), IRU (Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi), BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky ýaly guramalarynyň wekilleri bar.
Has jikme-jik maglumatlar çäräniň resmi saýtynda elýeterlidir.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....