100 km üçin 2,5 litr. Toyota Prius adaty ýolda ýangyç harçlamak boýunça täze rekord goýdy

  • 13.09.2024 22:02
  • 11k+

Amerikaly Ueýn Gerdes soňky nesliň Toyota Prius gibrid awtomobilinde ýangyç sarp etmek boýunça rekord goýdy. Ol adaty ýoldan hereket edip, awtoulagyň harçlaýan ýangyjyny 100 km üçin 2,5 litre çenli azaltmagy başardy. Goşmaça ýangyç guýmazdan geçilen ýol tas 1700 km-e ýetdi diýip, CarScoops habar berýär.

ABŞ-nyň günbatar kenaryndan gündogar kenaryna çenli gibrid Toyota Prius ortaça 100 km üçin 2,53 litr benzin harçlady. Bu käbir ýagdaýlarda onuň hatda bu görkezijiden pese düşendigini aňladýar. Toyota resmi taýdan bu modeliň 100 km üçin 4,13 litr ýangyç sarp edýändigini  nygtaýar.
Los-Anjelesden Nýu-Ýorka çenli umumy aralyk 5200 km golaý boldy. Awtomobil ýolda deňiz derejesinden 2100 metr beýiklige çykdy, ýoluň bir bölegini bolsa Selsiý boýunça 40 gradus howa temperaturasynda geçdi. Bu şertler hem awtoulagyň ýangyjy has köp harçlamagyna getirýär.
Şeýle-de, Toyota Prius-yň bir bakda geçen ýoly öndüriji tarapyndan görkezilen görkezijiden hem artyk boldy. Toyota ýoly 1036 km töweregi diýip görkezýär, Prius bolsa goşmaça ýangyç guýmazdan tas 1700 km geçdi. Modeliň bu üstünlikleri Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......