TIF-2024 maýa goýum forumynyň jemleri boýunça 18 sany halkara ylalaşyklaryna gol çekildi

  • 13.09.2024 16:18
  • 6.6k+

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2024) jemleri jemlenildi. Forumyň jemleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.

Gol çekilen resminamalar pudaklaryň giň toplumyny, şol sanda energetika, himiýa senagaty, gämi gurluşygy, demir ýol enjamlary, ekologiýa, logistika pudaklaryny öz içine alýar.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda – dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak-satmak hakynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Owganystanyň hem-de Özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda Ylalaşyk; Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyny gurmak, enjamlaşdyrmak we ulanyşa girizmek hakynda Çalik Energy (Türkiýe) kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda Ylalaşyk; Gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda Ähtnama bar.
Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek maksady bilen Hytaýdan, Türkiýeden, Ýaponiýadan birnäçe kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe Ähtnamalara gol çekdi.
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumy iki günüň dowamynda 1150-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady. Forumyň çäklerinde döwlet, hususy kärhanalaryň wekilleriniň daşary ýurt wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyklary geçirildi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......