Türkmenistanyň DIM-inde brifingde gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 13.09.2024 12:12
  • 1.8k+

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkeziniň geljekki işiniň esasy ugurlaryny we agzalan pudakda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjynyň ähmiýetini nygtady. Merkeziň esasy maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlary sebitinde howanyň üýtgemegi babatda tehnologiýalary ornaşdyrmakdan we işe girizmekden hem-de sebitiň bu ugurda tehnologik ösüşine ýardam bermekden ybarat boljakdygy bellenildi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko agzalan başlangyjyň daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýlan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrülendigini nygtady.
Brifingiň dowamynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we ekologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem çäräniň gün tertibine tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanda alternatiw «ýaşyl» energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meseleler degişli edildi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....