Astronomlar 2400°C-a çenli gyzýan, demir şemally we ýagyşly planeta barada gürrüň berdiler

  • 13.09.2024 11:47
  • 7.2k+

Halkara astronomlar topary Balyklar ýyldyzlar toplumynda, Ýerden 640 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän WASP-76 b ekzoplanetasyny öwrenýär. WASP-76 b Ýupitere meňzeş gyzgyn gazly ägirtdir. Ýyldyza ýakynlygy sebäpli, planetanyň gündiz tarapynda aşa ýokary temperatura 2400°C-e ýetýär diýip, Astronomy & Astrophysics žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Planeta 2013-nji ýylda açylypdy, ýöne alymlar ýakynda bu ekzoplanetada täsin atmosfera hadysalarynyň bolýandygyny ýüze çykardylar. WASP-76 b-niň gündiz tarapynda demir atomyndan doýgun, atmosferanyň aşaky gatlagyndan ýokary gatlaklaryna göterilýän güýçli ýeller öwüsýär. Demir ýagyşlar kölegedäki planetanyň gijeki tarapyna düşýär.
Bu hadysa şeýle düşündirilýär, ýagny gündizine ýokary temperatura sezewar bolanda demir bugarýar we sowuk tarapda suwuklyga öwrülip, demir ýagynlary  döredýär.
Mundan başga-da, gündiz bilen gijäniň serhedinde Ýerdäki älemgoşary ýada salýan optiki hadysa görünýär. Ýyldyzdan çykýan ýagtylyk gaz görnüşindäki bulutlarda döwlüp, şapagy ýa-da şugla halka mysaly bir zady döredýär.
Bu açyşlar astronomlara Gün ulgamynyň daşyndaky planetalarda bolup geçýän klimat proseslerine, esasanam, güýçli ýyldyz şöhlelenmesine sezewar bolýan gaz ägirtlerine has gowy düşünmäge kömek edýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....