Aşgabatdaky orta hünär okuw mekdebi “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar

  • 12.09.2024 14:46
  • 10k+

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi isleg bildirýänleri “Biçimçi-tikinçi” hünäri boýunça gysga möhletli okuwlara çagyrýar.

Okuwa orta bilimli, şeýle-de esasy okuwynyň daşyndan hünär öwrenmeklige isleg bildirýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary (8-nji synpdan ýokary okuwçylary) hem kabul edilýär.
Okuwyň möhleti - 4 aý.
Okuw tölegi - aýyna 300 manat.
Okuw otaglarynda tikin tikmek üçin ähli şertler döredilen, mekdebiň tikin ussahanalarynda, amaly we tejribe sapaklary utgaşdyrylyp geçilýär. Okuwyny tamamlan diňleýjilere biçimçi-tikinçi hünäri we döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
36-49-20;
36-04-16;
36-18-74;
36-21-67.
Salgysy: Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýäýew) köçesiniň 4-nji jaýy.


26.04.2026 20:55
2.9k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

26.04.2026 20:50
1.6k+

Magtymguly adyndaky TDU we d’Annunsio uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersiteti onlaýn-maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi....

25.04.2026 19:30
2.4k+

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu......

24.04.2026 17:33
2.8k+

Aşgabatda «Ýaş inžener 2026» robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçiriler

Ertir, 25-nji aprelde Aşgabatda innowasion tehnologiýalara gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň arasynda «Ýaş inžener — 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçiriler....