Mansory atelýesi 1035 at güýjüni öndürýän hereketlendirijili Audi RS 7-ni hödürledi

  • 12.09.2024 10:59
  • 6.5k+

Meşhur Mansory atelýesi 1035 at güýjüni öndürýän güýçlendirilen hereketlendirijisi we 1200 aýlanma pursady bolan Audi RS 7 Sportback-iň üýtgedilen wersiýasyny hödürledi. Bu görkezijiler asyl Bugatti Veyron-yň kuwwatlylygyndan we Audi RS 7 Performance 2025-iň (621 at güýji, 850 Nm) standart görnüşinden ep-esli ýokarydyr diýip, Speedme belläp geçýär.

Awtoulagyň daşky görnüşi yzky görnüş aýnalaryny we gapdal bosagalaryny öz içine alýan täze uglerod elementlerini aldy. Täzelenmeler diffuzora hem täsir etdi we iki sany spoýler goşuldy – biri ýük goýulýan ýeriň gapagynda, ikinjisi yzky penjirede.
Interýeriň gurallar panelinde, oturgyçlarynda, rulda we beýleki elementlerde mämişi reňki ulanyldy. Şeýle hem Mansory-niň nyşanlary bolan täze bezeg goşundylary we metal öwüşginleri goşuldy.
Üýtgedilen awtoulag 2,8 sekuntda 100 km/s tizlige ýetýär, adaty model bolsa bu tizlige 3,3 sekuntda ýetýär. Mansory öz taslamasynyň bahasyny aýan etmeýär. Baha diňe müşderiler bilen aýratyn ara alnyp maslahatlaşylýar.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......