Türkmenistanyň DIM-inde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 11.09.2024 19:21
  • 5.4k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkara bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliýeti maýyplaryň hukuklaryny goramak ugrundaky milli ulgam we kanunçylyk, şeýle hem ýurtda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler bilen tanyşdyryldy.
BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakynda Konwensiýasynyň we onuň Goşmaça teswirnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem Türkmenistan bilen ABŞ-nyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşler Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlara goldaw bermek ulgamlaryny giňeltmäge gönükdirilen kanunçylyk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini we mümkinçilikleri çäklendirilen adamlara degişlilikde adam hukuklaryny mundan beýläk-de ilerletmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda «C5+1» formatynyň çäklerinde mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......