Hytaý öz kosmos stansiýasynda Aý bazasyna niýetlenen kerpiji synag eder

  • 11.09.2024 13:19
  • 6.3k+

Hytaý Aýda baza gurmaga görülýän taýýarlygyň çäklerinde şu ýylyň oktýabr aýynda “Týangun” kosmos stansiýasyna emeli Aý topragyndan ýasalan kerpijiň  nusgalaryny iberer. Üç ýyl dowam etjek synag materiallaryň kosmosyň gazaply  şertlerine çydap biljekdigini-bilmejekdigini synagdan geçirer diýip, South China Morning Post ýazýar.

Hytaýly barlagçylar dürli komponentleri goşmak arkaly, Aý regolitine meňzeýän nusgalary döretdiler. Kerpiçler Aýdaky önümçilik şertlerini ýada salýan wakuumly gyzgyn peçde gaýtadan işlenildi. Synag wagtynda alymlar radiasiýanyň we temperaturanyň üýtgemeginiň täsiri astynda nusgalaryň zaýalanyşyna syn ederler.
Maksat - geljekki Aý bazasyny gurmak üçin gerek boljak kerpijiň iň laýyk düzümini kesgitlemek.
Hytaý 2035-nji ýyla çenli Halkara Aý barlag stansiýasyny döretmegi meýilleşdirýär. Taslama eýýäm 10-dan gowrak ýurt goşuldy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....