Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • 10.09.2024 17:26
  • 3.3k+

9-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, malaý tarapyna – Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Dato Ahmad Rozian bin Abd Gani ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň diplomatlary köptaraplaýyn we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegi nazara almak bilen, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda huzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýillidiklerini tassykladylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de işewürlik forumlaryny we mowzuklaýyn sergileri yzygiderli geçirmek, işewürlik missiýalaryny guramak we iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek mümkinçiliklerine garaldy.


Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugry dogrusynda hem durlup geçildi, bu babatda ýurtlar bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we saglygy goraýyş pudaklarynda netijeli özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin baý tejribä we uly mümkinçiliklere eýedirler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berjek bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.


düýn 16:48
8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi...

düýn 16:21
11k+

Halk Maslahatynyň Başlygy: Atylan ok harbymy, esgermi ýa-da çagamy… saýgarmaýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny aýtdy. Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýädäki ýagdaýlaryň çylşyrymlydygyna garamazdan, halkara hukuk gurallaryna daýanyp, durnuklylygy dikeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi...

düýn 16:03
4.5k+

Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi

2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

düýn 15:32
2.3k+

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy

Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar...