Ilon Mask 2026-njy ýylda ilkinji ekipažsyz raketalary Marsa ibermegi meýilleşdirýär

  • 10.09.2024 15:09
  • 7.4k+

Ilon Mask X-daky akkauntynda 2026-njy ýylda uçarmansyz SpaceX raketalaryny Marsa ibermek meýilnamasyny yglan etdi.

“Ilkinji Starship raketalary Marsa ýene iki ýyldan, indiki uçuşlar penjiresi açylanda uçurylar. Marsa gonmagyň ygtybarlylygyny barlamak üçin olar ekipažsyz uçarlar. Şonda gonuşlar üstünlikli bolsa, Marsa ilkinji ekipažly uçuşlar ýene 4 ýyldan amala aşyrylar "- diýip ýazdy.

Şeýle hem, Mask ýakyn 20 ýylda Marsda öz-özüni üpjün edýän şäher döretmek baradaky meýilnamalaryny paýlaşdy. Köp planetalylygyň, ýok bolup gitmek  howpuny azaldýandygy sebäpli, adamzady gorap saklamagyň açarydygyny aýtdy.

"Mundan beýläk uçuşlaryň tizligi has-da ýokarlanar we maksat takmynan 20 ýyldan öz-özüni üpjün edýän şäher gurmak" - diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy geljegi göz öňüne getirýär.

SpaceX -iň başlygy Marsa ýük daşamagyň bir tonnasynyň 1 milliard dollar durýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Marsda şäher gurmak üçin bir tonna üçin  bahany 100 müň dollara çenli azaltmaly, bu bolsa düýpli  tehnologiki ösüşi talap edýär.
Şeýle hem Mask, adamlary Marsa ibermegiň diňe gonuşyň howpsuzlygy tassyklanandan soň mümkin boljakdygyny aýtdy. “Iň bärkisi, bu ýene 4 ýyldan amala aşar. Belki-de 6 ýyldan, ýöne 8 ýyla-ha çekesi ýok diýip umyt edýärin "-diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


düýn 16:54
7.1k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.3k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

05.05.2026 23:24
3.4k+

Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......