Germaniýa awiagatnawlaryň gijikdirilmegi we ýatyrylmagy boýunça birinji orny eýeledi

  • 10.09.2024 12:24
  • 4.7k+

Flightright hyzmatynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň tomsunda Germaniýa Ýewropada awiagatnawlaryň gijikdirilmegi we ýatyrylmagy boýunça öňdebaryjy boldy. Umuman alanyňda, gatnawlary 375 müňden gowrak gijikdirmek we 15 müňden gowrak ýatyrmak ýagdaýy hasaba alyndy diýip, BILD tabloidi habar berýär.

Flightright-yň analitikleri Ýewropada her üçünji ýolagçy uçarynyň 15 minutdan gowrak gijikme bilen uçýandygyny belleýär. Şeýle-de bolsa, gijikdirmeleriň sany boýunça lider Lufthansa Group boldy.
Awiakompaniýalaryň arasynda uçuşy ýatyrmagyň iň köp mukdary (ähli gatnawlaryň 3%-den gowragy) Eurowings-de (Lufthansa Group-yň düzümine girýär), Lufthansa-da (2,9%) we Swiss-de (2,61%) hasaba alyndy.
Gatnawlary ýatyrmagyň iň köp mukdaryny görkezen bäş howa menziliniň dördüsi Germaniýada ýerleşýär. Birinji orunda 3% ýatyryş görkezijisi bilen Berlin-Branderburg ýerleşýär, onuň yzyndan Frankfurt (2,52%) we Mýunhen (2,49%) gelýär.
Hünärmenler şeýle maglumatlary Germaniýanyň awiasiýasynda dowam edýän meseleler bilen baglanyşdyrýarlar.
Gatnawlary ýatyrmagyň ortaça görkezijisi 1%-den geçmeli däl. Şeýle derejeleri TAP Portugal, Ryanair we Iberia awiakompaniýalary görkezýär.


şu gün 09:50
3.2k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.6k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......