IFA Berlin 2024 sergisinde görkezilen gajetlere gysgaça syn

  • 10.09.2024 09:28
  • 4.7k+

Berlinde IFA 2024 halkara elektronika sergisi (Internationale Funkausstellung Berlin) açyldy, bu ýerde öňdebaryjy öndürijiler smartfon, noutbuk, planşet, oýun ulgamlary we emeli aň ugrundan iň täze işläp taýýarlamalaryny hödürleýärler.

Emeli aň – rahatlygyň täze derejesi
Samsung: Günorta Koreýa kompaniýasy indi gytaklaýyn buýruklara düşünmäge ukyply bolan ses kömekçisi Bixby-ni hödürledi. Mysal üçin, oňa şeýle diýmek bolar: “Men öýe 18:00-da gelerin, şonuň üçin, haýyş edýärin, şol wagta çenli ähli öý işlerini tamamla”. Şondan soň ulgam kir ýuwujy we gap ýuwujy maşynlary awtomatik işe girizer, robot tozan sorujynyň kömegi bilen arassalar hem-de beýleki hojalyk işlerini ýerine ýetirer. Mundan başga-da, täze Voice ID funksiýasy maşgala agzalaryny ýatda saklaýar we olara şahsy teklipleri berýär.
Honor: Hytaý kompaniýasy golýazma tekstini tanamak, ýazuwy gowulandyrmak we hakyky wagt režiminde sözleýşi tekste öwürmek üçin emeli aň gurallary bilen Honor MagicPad 2 planşetini hödürledi.  

Smartfonlar we noutbuklar: dizaýn we öndürijilik ewolýusiýasy
Honor Magic V3: Honor-yň eplenýän smartfony dünýäde iň inçe smartfonlaryň biridir.
Samsung Galaxy Book 5 Pro 360: Planşete öwrülýän 16 dýuýmlyk AMOLED displeýli noutbuk bolup, wirtual kömekçi Chat Assist, hakyky wagtda terjimeçi Live Translate we gözleg guraly Circle to Search ýaly emeli aňyň esasynda birnäçe funksiýalary goldaýar.
Honor MagicBook Art 14: AMOLED displeýli we aýrylýan kameraly örän ýeňil noutbuk.
Lenovo Auto Twist AI PC: Ulanyjynyň hereketini yzarlap, ekrany öwürýän mehanizmleşdirilen şarnirli konseptual noutbuk. Bu özboluşly gurluş barada TmCars giňişleýin gürrüň berdi.

Täze nesil oýun ulgamlary:

  • Tecno Mega Mini Gaming G1: Kuwwatly Intel Core i9-13900H prosessory we Nvidia RTX4060 wideokarty bolan ykjam oýun kompýuteri.
  • Tecno Pocket Go: Windows OS-yň esasynda işleýän giňeldilen hakykat äýnegi bilen innowasion oýun ulgamy.
  • Acer Project DualPlay: Aýryp, aýratyn iki joýstik hökmünde ulanyp boljak simsiz oýun kontrolleri bolan noutbuk.
  • IFA Berlin 2024 gajetleriň geljeginiň – ösen tehnologiýalaryň, ergonomiki dizaýnyň we emeli aňyň birleşmesidigini görkezdi.

şu gün 11:01
1.3k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
1.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......