Lenovo awtomatik açylýan we ulanyjynyň hereketini yzarlaýan ekranly noutbuk çykardy

  • 09.09.2024 00:42
  • 2.7k+

Berlinde geçirilen IFA 2024 sergisinde Lenovo kompaniýasy Auto Twist AI konseptual noutbugyny hödürledi. Gurluş özboluşly aýratynlyga eýe boldy: onuň ekrany awtomatik açylýar we ulanyjynyň hereketini yzarlamak bilen öwrülýär diýip, Tom’s Hardware portaly habar berýär.

Ulanyjynyň hereket ýagdaýyny yzarlamak funksiýasy motorlaşdyrylan Dual Degree of Freedom şarniriniň kömegi bilen mümkin boldy. Ol displeýiň has gowy görünmegini üpjün edýär, bu bolsa wideokonferensiýalar wagty hereket etmeli bolanda has amatlydyr.
Auto Twist AI “planşet režimine geçmek”, “noutbuk režimine geçmek” we “noutbugy ýapmak” ýaly ses buýruklaryna täsirlenýär. Haçan-da ulanyjy gurluşdan daşlaşanda, onuň gapagy awtomatik ýapylýar, ýöne bu funksiýany öçürmek hem bolýar.
Mundan başga-da, Twist AI göwräniň durşuna gözegçilik etmek, displeýiň egme burçuny sazlamak we arakesmäni ýatlatmak ýaly saglyk funksiýalary bilen üpjün edildi.
Häzirlikçe Lenovo Twist AI diňe konsept görnüşinde bolup, onuň çykjak senesi hem bahasy barada maglumat berilmeýär.

şu gün 10:41
1.3k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

şu gün 10:21
1.8k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

şu gün 08:26
2.8k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

düýn 10:10
4.2k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......