Müsürde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde faraon Ramses II-niň bürünç gylyjy tapyldy

  • 10.09.2024 09:16
  • 8.4k+

Müsüriň demirgazygynda arheologlar faraon Ramses II-ä degişli bolan gylyjy tapdylar. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi habar berdi.

Gazuw-agtaryş işleri Buheýra muhafazyndaky Hoş-Isa şäheriniň etraplarynyň birinde geçirildi. Alymlar ol ýerde Täze Patyşalyk döwrüniň (b.e.öň XVI-XI asyrlar) ýaraglary we azyk önümleri üçin harby kazarmalaryň we ammarlaryň yzlaryny tapdylar.

“Missiýa patyşa Ramses II-niň kartuş haşamlary bilen bezelen uzyn bürünç gylyjyny tapdy” – diýip, Ministrligiň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de, arheologlar aw gurallaryny, şaý-sepleri we şahsy arassaçylyk serişdelerini tapdylar. Mysal üçin, gazuw-agtaryş işlerinde pil süňkünden ýasalan monjuklar we gorag tumarlary tapyldy. Tapyndylaryň arasynda Gadymy Müsürde mukaddes haýwan hasaplanan sygryň jaýlanan ýeri we Ramses II-niň titullarynyň ieroglif ýazgysy bolan hek daşlary-da bar.
Ramses II Gadymy müsüriň XIX nesilşalygyndan hasap boýunça üçünji hökümdardyr. Ol 25 ýaşynda tagta çykdy we b.e.öň 1279-1213-nji ýyllarda höküm sürdi diýlip hasaplanylýar. Ramses II-niň dolandyran ýyllarynda gadymy Müsürde uly gurluşyk işleri alnyp barlypdyr, Abidos, Fiwa we Edfu şäherlerinde ybadathanalar gurlupdyr.


04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......