Müsürli göreşiji 700 tonnalyk gämini dişi bilen süýşürdi

  • 03.10.2025 09:29
  • 13k+

44 ýaşly müsürli göreşiji Aşraf Mahrus 700 tonnalyk gämä daňylan tanapy dişinde gysyp, ony 15 metr süýşürdi. Türgen bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek üçin arza bermek isleýär diýip, NBC News habar berýär.

Mahrusyň aýtmagyna görä, Ginnesiň häzirki rekordy 614 tonnalyk gämi bilen goýuldy. Ol öz üstünligini hasaba aldyrmak üçin surat we wideo hödürlemegi meýilleşdirýär.
Bu synaga taýýarlyk wagty türgen beloga we demre baý berhizi saklady: her gün azyndan 12 ýumurtga, iki bitin towuk we 5 kg töweregi balyk iýdi. Şeýle-de, günde üç gezek iki sagatlap türgenleşdi.
Mahrus 700 tonnalyk gämini süýşürenden soň, umumy agramy, takmynan, 1150 tonna bolan ýene iki gämini çekdi. Geljekde ol täze rekordlary goýmagy, şol sanda agramy 263 müň tonnalyk suwasty gämini süýşürmäge synanyşmagy maksat edinýär.
Aşraf Mahrus Kabonga ady bilen hem tanalýar. Ol ozal dişi bilen otlyny we lokomotiwi çekipdi, şu ýylyň martynda bolsa agramy 279 tonna bolan otly düzümini çekendigi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 


şu gün 10:59
4.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
4.9k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.8k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.1k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....