Universal “Möjek adam” horror filmini hödürleýär: ol 2025-nji ýylda çykar

  • 09.09.2024 23:29
  • 4.3k+

Universal Pictures studiýasy 2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda “Möjek adam” (“Wolf Man”) horror filmini çykarar. Internet torunda filmiň eýýäm ilkinji tizer-treýleri peýda boldy.

Sýužetiň wakalary biziň günlerimizde ýaýbaňlanýar. Sýužet boýunça, baş gahrymany keşbini üýtgedýän möjek dişleýär, bu hem onuň özi we maşgalasy üçin uly howp döredýär. Taslamada baş keşpleri Kristofer Ebbott (“Ol gije gelýär”, “Оно приходит ночью”) we Juliýa Garner (“Ozark”) ýerine ýetirdi.
Filmiň režissýory hökmünde Li Uonnell (“Göze görünmeýän adam”, “Человек-невидимка”) çykyş etdi. Ilkibaşda “Möjek adamda” Raýan Gosling oýnamalydy, ýöne aktýor roly ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi.


şu gün 08:26
3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....