Olimpiýa halkalary Eýfel diňinde 2028-nji ýyla çenli galyp biler

  • 09.09.2024 23:01
  • 4.4k+

Pariždäki Oýunlaryň öňüsyrasynda Eýfel diňinde gurnalan Olimpiýa halkalary, şeýle-de häzirki wagtda Triumf arkasynda ýerleşýän Paralimpiýa hereketiniň nyşany bolan agitos 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek indiki Olimpiada çenli we ondan soň hem öz ýerlerinde galyp biler. Bu barada Parižiň häkimi Ann Idalgo aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Meniň halkalar we agitos barada eden teklibim 2028-nji ýyla çenli halkalary Eýfel diňinde, agitosy bolsa Ýeliseý meýdanynda galdyrmakdan ybarat” – diýip, Idalgo 8-nji sentýabra meýilleşdirilen Paralimpiadanyň ýapylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
“2028-nji ýylda göreris. Eger biz munuň az salymlyk waka däldigini ýada salýan [Oýunlaryň] esasy nyşanlary bolmazdan oňup bilmesek, belki olar galar. Belki-de ýok” – diýip, Idalgo sözüniň üstüne goşdy.

Öň, Idalgo Ouest-France gazeti bilen söhbetdeşlikde Olimpiýa halkalaryny Eýfel diňinde galdyrmak üçin Halkara Olimpiýa Komitetinden rugsat alandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, KHBS-iň maglumatlaryna görä, gurluşlar hemişe galdyrmak üçin örän agyr, şol sebäpli Parižiň häkimiýeti täze, ýeňil halkalary sargyt etmek isleýär. Eýfel diňini döreden inžener Gustaw Eýfeliň nesilleri Idalgonyň çözgüdine garşy çykdylar.


düýn 11:49
3.7k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

19.05.2026 23:09
1.9k+

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....

13.05.2026 10:00
4.8k+

«L bilen V harpy hemmelere degişlidir!»: portugal brendi Louis Vuitton-a garşy kazyýetde ýeňiş gazandy

Portugaliýanyň Licores do Vale brendi «L» we «V» harplary bolan logotipini hasaba aldyrmak meselesinde Louis Vuitton bilen bolan kazyýet dawasynda ýeňiş gazandy....

09.05.2026 13:34
1.9k+

Parižde eýeleri uruş ýyllarynda ýiten gymmatbaha sungat eserleriniň sergisi açyldy

Parižiň Orse muzeýinde Ikinji jahan urşy döwründe ýitirilen we uruş gutarandan soň Germaniýada tapylan sungat eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergi, eýeleri henize çenli näbelli bolan eserlere bagyşlanýar....