Aýda 120 million ýyl ozal işjeň bolan wulkanlaryň yzlary tapyldy

  • 09.09.2024 12:48
  • 4.3k+

Hytaýyň “Çane-5” missiýasy tarapyndan toplanan Aý toprak nusgalarynyň barlagy Aýdaky wulkan işjeňliginiň ozal pikir edilişinden has uzak dowam edendigini görkezdi. Gözlegçiler wulkan aýnasynyň mikroskopik damjalarynda 123 million ýyl ozalky işjeňligiň alamatlaryny tapdylar diýip, Science neşirinde aýdylýar.

Aýyň görünýän tarapynyň günbatar böleginiň Tupan ummanyndan alnan nusgalar, partlama gelip çykyşyny görkezmeýän aýna damjalarynyň bardygyny görkezdiler.
3000-den gowrak aýna bölejiklerinden diňe üçüsi wulkan işjeňliginden gelip çykmagyny subut edýän ölçeglere laýyk geldi. Olaryň himiki düzümi, wulkan partlamasynyň giç ýüze çykmagyna sebäp bolup, radiogen ýylylygy esasynda bölekleýin eräp bilýän KREEP elementleriniň bardygyny görkezýär.
Bu açyş, Aýyň öňki geologiki taryhy baradaky düşünjelerine garşy çykýar we Aýdaky wulkan işjeňliginiň ozal pikir edilişinden 1,8 milliard ýyl uzak dowam edip bilendigini görkezýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....