Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi

  • 09.09.2024 08:23
  • 4.1k+

6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Türkmen türgenleriniň halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň nyşanydyr. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hem-de dünýä derejeli sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy öz Kararnamasy bilen ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleri goldady.


şu gün 18:04
2.2k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......