Toyota we BMW ýangyç elementleri ugrunda hyzmatdaşlygy resmi taýdan yglan etdiler

  • 09.09.2024 08:16
  • 10k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy we Germaniýanyň BMW awtoöndürijisi indiki nesliň wodorod ýangyç elementlerini bilelikde işläp taýýarlamagy giňeltmek meýilnamalaryny yglan etdiler. Beýanata görä, ýangyç elementlerinde işleýän elektromobilleriň ilkinji toplumyny 2028-nji ýylda köpçülikleýin önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär diýip, NHK ýazýar.

Hyzmatdaşlyk wodorod stansiýalaryny döretmek ýaly infrastrukturanyň ösüşini-de öz içine alýar. Ýangyç elementlerinde işleýän awtomobiller energiýanyň wodorod arkaly öndürilýändigi sebäpli, kömürturşy gazyny çykarmaýarlar, bu hem olary adaty elektromobiller bilen deňeşdirilende ekologiýa taýdan arassa edýär.
Şeýle awtomobilleriň artykmaçlygy benzin awtomobilleri bilen deňleşip biljek geçýän menzilinden we ýangyç guýmagyň gysga wagtyndan ybarat. Ýöne wodorod awtomobilleriniň bazary üçin esasy kynçylyk olaryň bahasynyň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr. BMW we Toyota bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hasabyna önümçilik çykdajylaryny azaltmagy we ýangyç guýmak infrastrukturasyny kämilleşdirmek arkaly islegi artdyrmagy maksat edinýärler.
BMW-niň baş müdiri Oliwer Sipse kompaniýanyň wodorod ýangyjynda işleýän awtomobilleri giň auditoriýa üçin elýeterli etmäge ymtylýandygyny belledi. Toyota-nyň prezidenti Sato Kodzi hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň wodorod jemgyýetini döretmäge ýardam etjekdigini aýtdy.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......