Tim Býortonyň “Bitljus 2” filminiň global premýerasy boldy

  • 09.09.2024 01:50
  • 2.9k+

6-njy sentýabrda Tim Býortonyň “Bitljus” horror-komediýasynyň dowamy – “Bitljus Bitljus” dünýä kinoteatrlarynda çykdy. Film şowsuz “Dambodan” soň meşhur režissýoryň uly kino gaýdyp gelmeginiň alamaty boldy.

Filmiň dowamynyň wakalary 36 ýyldan soň ýaýbaňlanýar we arwah Bitljus ulalan Lidiýa Dits hem-de onuň kejir gyzy Astrid bilen duşuşýar. Filmde baş keşpleri Waýnona Raýder, Jenna Ortega we Maýkl Kiton ýerine ýetirdi.
Belläp geçsek, “Bitljus Bitljus” 2024-nji ýylyň 28-nji awgustyndan 7-nji sentýabry aralygynda geçýän 81-nji Wenesiýa kinofestiwalyny açdy we tankytçylar tarapyndan oňyn seslenme aldy.


şu gün 11:31
894

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....