BYD awtosatuw boýunça dünýä liderleriniň üçlügine girdi we Volkswagen-den öňe geçmäge ymtylýar

  • 07.09.2024 21:01
  • 9.7k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2024-nji ýylyň iýul aýynda satuw boýunça dünýäniň awtomobil brendleriniň arasynda üçünji orny eýeledi. Yiche-niň maglumatlaryna görä, BYD 315 600 awtomobil satyp, diňe iki awtokonsernden yza galdy diýip, IXBT ýazýar.

Bazaryň lideri uly tapawut bilen Toyota bolmagynda galýar, ol 651 200 awtoulag satdy. Volkswagen 346 200 birlik bilen ikinji orny eýeleýär.
BYD Volkswagen-den öňe geçip, ikinji orny eýelemek üçin ösüşi dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Bu üstünlik hytaý brendi üçin möhüm boldy, çünki Hytaýdan başga hiç bir kompaniýa ilkinji onluga girip bilmedi: Chery 71 100 satylan awtomobil bilen 18-nji, Geely bolsa 63 800 birlik bilen 20-nji orny eýeledi.
Iýul aýyndaky üstünligine garamazdan, BYD ýanwar aýyndan iýul aýyna çenli aralykda 1 714 100 awtomobil satyp, umumy sanawda sekizinji orunda galdy. Toyota we Volkswagen, degişlilikde, birinji we ikinji orunlary eýeleýärler, öňdebaryjylaryň üçlügini Honda jemleýär.


şu gün 09:56
1.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......