2030-njy ýyla çenli iň baý maşgalalar ýene 73% baýar. Olaryň baýlygy 9,5 trln dollara ýeter

  • 07.09.2024 20:59
  • 6.3k+

Deloitte konsalting kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2030-njy ýyla çenli iň baý maşgalalaryň baýlygy 73% - häzirki 5,5 trln dollardan 9,5 trln dollara çenli artar. Bu maşgalalaryň aktiwleri eýýäm ululygy boýunça hej-gaznalaryň yzyndan ýetýän maşgala ofisleri tarapyndan dolandyrylýar diýip, Bloomberg belleýär.

Ýakyn ýyllarda baý adamlar üçin maýa goýum firmalarynyň sany üçden bir artyp, 10 720 birlige ýeter. Ortaça 15 işgäri bolan we takmynan, 2 mlrd dollarlyk aktiwleri dolandyrýan uly maşgala ofisleri maýadar-aktiwist hökmünde çykyş etmek bilen bazarda işjeň oýunçylara öwrülýärler.
Bloomberg-iň hasaby boýunça, geçen ýyl dünýäniň iň baý maşgalalarynyň reýtinginde birinji orny 305 mlrd dollar baýlygy bilen Abu-Dabiniň şeýhler we emirler neberesi Al Nahaýýan eýeledi.
Ikinji orunda Walmart lomaý we bölek söwda ulgamyna eýeçilik edýän Uolton maşgalasy ýerleşdi. Onuň baýlygy 259,7 mlrd dollar diýlip hasaplanyldy. Öňdebaryjylaryň üçlügini 150,9 mlrd dollar bilen Hermes fransuz moda öýüniň eýesi bolan Erme maşgalasy jemleýär.

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......