Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

  • 07.09.2024 17:03
  • 10k+

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilýär. Serdar Berdimuhamedow bäsleşige gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berkarar döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly beýik ösüşlerini, dünýädäki belent şan-şöhratyny, agzybir halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny joşgunly wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary ýerine ýetirmekde siziň uly üstünlikleri gazanjakdygyňyza ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
"Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Weli Ahmedow, Çary Nurymow, Aman Agajykow, Rejep Rejebow, Rejep Allaýarow ýaly meşhur kompozitorlarymyzyň döreden eserleri häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant boldy. Türkmen halkynyň milliligini, ruhy dünýäsini, mukaddes topragymyzyň kerem-keramatyny, tebigatymyzyň gözelliklerini açyp görkezýän aýdym-sazlar halkyň kalbynda baky orun aldy. Bu gün ajaýyp döwrümizde höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary hem, meşhur kompozitorlarymyzyň döredijilik mekdebi ýaly, kämilligi we milliligi bilen ýürekleri joşdurmalydyr. Biz höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň her biriniň geljekde halkyň kalbyna ornaýan, göwünlere ganat bekledýän aýdymlary has-da joşgunly ýerine ýetirjekdiklerine, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirjekdiklerine berk ynanýarys" diýlip, Gutlagda aýdylýar.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....